Ýewropa Bileleşigi Siriýa goýan sanksiýalarynyň göwrümini giňeltdi

Sanksiýalara ýene-de  11 işewür adamy bilen 5 firma degişli edildi

1130229
Ýewropa Bileleşigi Siriýa goýan sanksiýalarynyň göwrümini giňeltdi

 

Ýewropa Bileleşigi Geňeşi tarapyndan berlen beýanatda Siriýanyň hökümetine we tarapdarlaryna goýan sanksiýalarynyň göwrümini giňeltdi.

ÝB Siriýada Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümete goýan sanksiýalaryna ýene-de  11 işewür adamy bilen 5 firmany degişli etdi.

Beýanatda sanksiýa sanawynda hökümete goldaw berýän 72 firma bilen 270 adam ýer alýandygy nygtaldy.

 Sanksiýa goýlan firmalaryň Ýewropa ýurtlaryndaky emlaklary saklandy we 270 adamyň hem Ýewropa ýurtlaryna syýahat etmegi gadagan edildi.

 

 


Etiketkalar: #ÝB , #sanksiýa , #Siriýa

Degişli Habarlar