Eýran doňuz dümewi howpy sebäpli raýatlaryna Gruziýa gitmezlikleri barada duýduryş berdi

Gurziýada geçen hepde H1N1 wirusy sebäpli 10 adam ýogalypdy

1129441
Eýran doňuz dümewi howpy sebäpli raýatlaryna Gruziýa gitmezlikleri barada duýduryş berdi

 

Eýran doňuz dümewi howpy sebäpli raýatlaryna Gruziýa syýahat etmezlikleri barada duýduryş berdi.

Eýranyň resmi İRNA habarlar gullugyna beýanat beren Milli Ýokanç keseller komitetiniň agzasy Mesud Merdani “Gruziýada epidemiýa ýagdaýyna gelen H1N1 wirusy Eýrana hem geldi. Wirusa ilki Gruziýada gabat gelindi, raýatlarymyza mejbur bolmadykda şol ýurda gitmezliklerini maslahat berýäris” diýdi.

Gurziýada geçen hepde berlen beýanatda doňuz dümewi hökmünde bilinýän H1N1 wirusy sebäpli 10 adam ýogalandygy nygtalypdy.

Gruziýanyň Syýahatçylyk ministri Çogowadze  2018-nji ýylkda ýurda 7 millin 500 müň syýahatçynyň gelendigini we şol syýahatçylaryň 262 müňiniň eýranlydygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar