Daniýa Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmakdan ýüz öwürdi

Daniýa Ýemende başdan geçirilýän gumanitar krizisidäki roly sebäpli Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmakdan ýüz öwürdi

1127579
Daniýa Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmakdan ýüz öwürdi

Daniýa Ýemende başdan geçirilýän gumanitar krizisidäki roly sebäpli Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmakdan ýüz öwürdi.

Daniýanyň Daşary işler ministri Anders Samuelsen Parlamentde eden çykyşynda Ýemendäki söweşdäki roly sebäpli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaragyň we harby enjamyň satylmagy işleriniň saklanandygyny mälim etdi.

Birleşen Arap Emirlikleri, Husiler bilen söweşýän hyzmatdaş güýçlerine öňbaşylyk edýän Saud Arabystanynyň esasy hyzmatdaşy hökmünde Ýemendäki söweşde uly rol oýnaýar.

Daniýa, saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty we Ýemende başdan geçirilýän gumanitar krizisdäki roly sebäpli 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Saud Arabystanyna ýarag we harby enjam satmakdan ýüz öwüripdi.

 


Etiketkalar: #Daniýa , #ýarag , #satmak , #jenaýat

Degişli Habarlar