Müsürde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi ýene-de 3 aý uzadyldy

Müsürde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 7-nji gezek uzadyldy

1125107
Müsürde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi ýene-de 3 aý uzadyldy

Müsürde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 7-nji gezek ýene-de 3 aý uzadyldy.

Müsürüň Mejlisi tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň 7-nji gezek ýene-de 3 aý uzadylmagy barada karar kabul edildi.

Beýanatda ýurduň howpsyzlyk taýdan başdan geçirýän ýagdaýy sebäpli şeýle kabul edilendigi nygtaldy.

Müsüriň Iskenderiýe we Tanta şäherlerinde 2017-nji ýylda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan bombaly hüjümlerde 45 adam ýogalypdy, 125 adam ýaralanypdy.

Hüjümden soň Prezident Abdulfettah As Sisi 3 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edipdi.

 



Degişli Habarlar