Eýran älem giňişligine 2 sany emele hemra uçurar

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani geljek hepde öz öndüren raketalary bilen älem giňişligine 2 sany emeli hemrany uçurjakdyklaryny aýtdy

1123059
Eýran älem giňişligine 2 sany emele hemra uçurar

Eýranyň ozalky Prezidenti Ali Akbar Haşimi Rafsanjani aradan çykan gününiň 2-nji ýylynda paýtagt Tähranda hatyralandy. Hatyralama çäresine Rafsanjaniniň garyndaşlary we Prezident Ruhani bilen köp sanly ruhanylar, syýasatçylar gatnaşdylar.

Ruhani ol ýerde sözlän sözünde Eýranyň goranyş güýji we täze hem-de orta derejeli tehnologiýasynyň Rafsanjaninin tagallasy bilen iş üzüne geçendigini belläp; “Geljek hepde öz öndüren raketalarymyz bilen älem giňişligine 2 emeli hemra uçurarys” diýdi.

Hasan Ruhani Rafsanjaniniň deňi-taýy bolmadyk syýasatçylardan biri bolandygyny aýtdy.

Ozalky Prezident Haşimi Rafsanjani 2017-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda howuzda aradan çykypdy.



Degişli Habarlar