"Terrorçylar tarapyndan Türkiýä abanýan howpa göz ýetirýäris we bu meselede Türkiýä goldaw bereris"

Pompeo terrorçylar tarapyndan Türkiýä abanýan howpa göz ýetirýändiklerini we bu meselede Türkiýä goldaw berjekdiklerini aýtdy

1122839
"Terrorçylar tarapyndan Türkiýä abanýan howpa göz ýetirýäris we bu meselede Türkiýä goldaw bereris"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Prezident Donald Trampyň Siriýadan çekilmek meselesinde tutanýerlidigini nygtady.

Pompeo terrorçylar tarapyndan Türkiýä abanýan howpa göz ýetirýändiklerini we bu meselede Türkiýä goldaw berjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen beýanata görä, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde garaşylmadyk ýagdaýda Yraga baran Pompeo, ABŞ-nyň Erbildäki Baş Konsullulygynda metbugata beýanat berdi.

Pompeo “ABŞ-nyň Prezidenti Siriýadan çekilmek meselesinde tutanýerli” diýdi.

Türkiýe bilen (ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-ny nazarda tutmak bilen) “Kürtler bilen gatnaşyklaryňyz nähili bolar” diýlen soraga jogap beren Pompeo, iki tarap bilen hem meseläni ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtap, “Gepleşiklerimiz dowam edýär, Siriýadan çekilmezden ozal sebitiň DAIŞ-den  dolulygyna saplanandygyny anyklamak isleýäris” diýdi.

Pompeo Prezident Erdoganyň ÝPG/PKK-nyň Türkiýe üçin howplydygy hakyndaky sözlerine ünsi çeken žurnalistiň soragyna bolsa “Erdogan terrorçylaryň özleri üçin howplydygyny aýtdy. Terrorçylar tarapyndan Türkiýä abanýan howpa göz ýetirýäris we bu meselede Türkiýä goldaw bermäge dowam ederis”diýip jogap berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar