"Söwda we diplomatiýa taýdan Eýrana edilýän basyşlary artdyrarys"

Pompeo 7 ýurdy öz içine alýan Ýakyn Gündogar saparynyň ilkinji duralgasy bolan Iordaniýa bardy

1121866
"Söwda we diplomatiýa taýdan Eýrana edilýän basyşlary artdyrarys"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo  söwda we diplomatiýa taýdan Eýrana edilýän basyşlary artdyrjakdyklaryny aýtdy.

Pompeo 7 ýurdy öz içine alýan Ýakyn Gündogar saparynyň ilkinji duralgasy bolan Iordaniýa bardy.

Pompeo saparynyň çäginde ilki Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safadi bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Pompeo İordaniýanyň ABŞ üçin sebitleýin stratgik hyzmatdaşdygyna ünsi çekdi.

Pompeo Siriýa krizisiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin Iordaniýanyň uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny nygtady we ýurdunyň hem Iordaniýa goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

ABŞ-nyň Eýrandan “adaty ýurt” bolmagyny isleýändigini aýdan Pompeo söwda we diplomatiýa taýdan Eýrana edilýän basyşlary artdyrjakdyklaryny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo, Ýakyn Gündogar saparynyň çäginde Iordaniýadan soň Müsürde, Bahreýinde, Katarda, Saud Arabystanynda we Kuweýtde saparda bolar

 

 



Degişli Habarlar