Eýran Gollandiýa bilen Daniýany terrorçylara goldaw bermekde günäkärledi

Zarif “Eýrany günäkärlemek, Ýewropany terrorçylara ýer eýeçiligini etmek jogapkärçiliginden halas edip bilmez” diýdi

1122022
Eýran Gollandiýa bilen Daniýany terrorçylara goldaw bermekde günäkärledi

 

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif resmi Tährana garşy beýanat beren Gollandiýany we Daniýany terrorçylara goldaw bermekde günäkärledi.

Zarif Daniýany, Gollandiýany we Fransiýany öz içine alýan Ýewropa ýurtlarynyň “12 müň eýranlyny öldüren we Saddamyň yrakly kürtlere garşy eden jenaýatyna goldaw beren “Halkyň Müjahitleri guramasy” bilen bigünä eýranlylary öldüren Ýewropadaky beýleki terrorçylara ýer eýeçiligini edýändigini öňe sürdi we “Eýrany günäkärlemek, Ýewropany terrorçylara ýer eýeçiligini etmek jogapkärçiliginden halas edip bilmez” diýdi.

Gollandiýanyň Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, ýurtda 2015-2017-nji ýyllarda asly eýranly bolan käbir adamlaryň janyna kast edilmegi wakasynyň Eýran bilen arabaglanşylygy mälim edilipdi.

Gollandiýanyň Daşary işler ministri Stef Blok bolsa mesele hakynda beren beýanatynda Gollandiýanyň beren maslahatyna laýyklykda ÝB-niň Eýranyň merkezi razwetka gullugyna we käbir ýolbaşçylaryna sanksiýa goýandygyny aýan edipdi.

Daniýanyň Daşary işler ministri Anders Samuelson bolsa ÝB-niň Eýranyň merkezi razwetka gullugyna goýjak sanksiýasy “Ýewropanyň daşarky syýasaty üçin uly ýeňiş” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar