Pedersen BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili hökmünde wezipesine başlady

Pedersen 8 ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda BMG-nyň Siriýa boýunça 4-nji wekili boldy

1121485
Pedersen BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili hökmünde wezipesine başlady

 

Norwegiýaly diplomat Pedersen BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili hökmünde wezipesine başlady

Pedersen Twitter arkaly beren beýanatynda wezipesine başlandygyny habar berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş noýabr aýynda Steffan De Misturanyň wezipesinden çekiljekdigini we Pederseniň bu wezipä bellenendigini mälim edipdi.

Pedersen şeýlelikde Kofi Annandan, Lahdar İbrahimiden we De Misturadan soň 8 ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda BMG-nyň Siriýa boýunça 4-nji wekili boldy.

Osloda 1955-nji ýylda doglan Pedersen 2017-nji ýylyň 9-njy iýunyndan bäri Norwegiýanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýärdi.

 

 


Etiketkalar: #BMG , #Siriýa , #wekil

Degişli Habarlar