Demirgazyk Koreýanyň lideri resmi sapar bilen Hytaýa bardy

Kim Çen 4 günlük resmi saparynyň çäginde Hytaýyň Döwlet Başlygy bilen duşuşar

1121431
Demirgazyk Koreýanyň lideri resmi sapar bilen Hytaýa bardy

 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen 4 günlük resmi sapar bilen Hytaýyň paýtagty Pekine bardy.

Demirgazyk Koreýanyň KCNA habarlar gullugynda berlen habara görä, Kim Çeniň ýörite otlusy ir ertir paýtagt Pekine bardy.

Otly bekedinde Demirgazyk Koreýanyň lideri üçin berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Kim Çen 4 günlük resmi saparynyň çäginde Hytaýyň Döwlet Başlygy bilen duşuşar.

Saparyň çäginde Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri bilen Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin ABŞ bilen geçiriljek gepleşikleriň  ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar

 

 



Degişli Habarlar