Eýranyň günorta serhetlerinde 2 ýylda 30 tonna partlaýjy maddasy tapyldy

Partlaýjy maddalarynyň esasy bölegi Ensarul Furkan atly ýaragly toparyň lideri Jelil Kanberzehi tarapyndan ýurda getirlipdir

1119872
Eýranyň günorta serhetlerinde 2 ýylda 30 tonna partlaýjy maddasy tapyldy

 

Eýranyň günorta serhetlerinde ýygy-ýygynda bombaly hüjümleriň guralýandygy sebäpli geçirlen operasiýalarda soňky 2 ýylda 30 tonna golaý partlaýjy maddasynyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ele geçirlendigi nygtaldy

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, şol partlaýjy maddalarynyň esasy bölegi 2017-nji ýylda Çabahar şäheriniň Kasry Kand etrabynda öldürlen Ensarul Furkan atly ýaragly toparyň lideri Jelil Kanberzehi tarapyndan ýurda getirlipdir.

Eýranda esasan sünnileriň ýaşaýan ýeri bolan Pakistan serhedindäki Sistan-Buluçsitan welaýatynda howpsyzlyk güýçlerine garşy ýygy-ýygyndan hüjümler guraýan Ensarul Furkan guramasy 2013-nji ýylda gurlupdyr.

Ensarul Furkan guramasynyň liderligini 2015-nji ýyla çenli Haşim Azizi, 2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli bolsa Jelil Kanberzehi ýerine ýetiripdir.



Degişli Habarlar