Jon Bolton Türkiýede we Ysraýylda saparda bolar

Bolton bu barada Twitter arkaly beýannama berdi

1118897
Jon Bolton Türkiýede we Ysraýylda saparda bolar

Ak Tamyň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jon Bolton ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi boýunça utgaşyklyk boýunça geňeşmeler geçirmek üçin Türkiýä we Ysraýyla sapar gurajakdygyny beýan etdi.

Jon Bolton Twitter arkaly beren beýanatynda; “Amerikan güýçleriniň Siriýadan çekilmegi, DAİŞ-iň öňüni almak, DAİŞ-e garşy biziň bilen göreşenleriň pozisiýalarynyň berkidilmegi we Eýranyň sebitdäki erbet niýetli tagallalaryna garşy göreşmek barada hyzmatdaşlarymyz bilen nähili işleşjekdigimizi ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä we Ysraýyla gideris” diýip ýazdy.

Bolton Türkiýedäki duşuşyklara ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffriniň we Baş ştabyň başlygy Žozef Danfordyň hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar