Owganystanyň Tahar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owgantstanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tahar welaýatynda, ulagyna bomba ýerleşdirilen etrabyň Içeri işler edarasynyň müdüri ýogaldy

1116626
Owganystanyň Tahar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

 

Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Jewad Hijri, Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, Tahar welaýatynyň Darkad etrabynyň Içeri işler müdüri Muhammed Omaryň ulagyna ýerleşdirilen bombanyň, Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň binasynyň öňünde uzakdan pult bilen partladylandygyny mälim etdi.

Hüjümde etrabyň Içeri işler müdüri Muhammed Omaryň ýogalandygyny aýdan Hijri, partlamada şeýle hem asuda ilatdan 3 adamyň ýaralanaydygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.


Etiketkalar: #Owganystan , #Tahar , #hüjüm

Degişli Habarlar