Donald Tramp Si Sizinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen geçiren telefon söşhbetdeşliginde iki ýurdyň arasyndaky söwda krizisi bilen bagly ylalaşykda uly öňe gidişlikleriň edilendigini habar berdi

1116013
Donald Tramp Si Sizinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Twitter hasabyndan beýanat beren Tramp: “Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen uzyn we örän gowy telefon söhbetdeşligini geçirdim. Ylalaşyk örän gowy dowam edýär. Şertnama baglaşsak köptaraplaýyn, ähli meseleleri, ugurlary we ylalaşyp bilmedigimiz ýerleri öz içine alar. Uly öňe gidişlik etdik” diýip habar berdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin, Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde geçirilen G20 Liderler maslahatynyň çäginde geçiren duşuşyklarynda ýurtlarynyň arasynda eýýäm birnäçe wagt dowam edýän söwda söweşiniň täze tarifler bilen ulalmagynyň öňüni aljak 90 günlik ylalaşyk baglaşmak barada karara gelipdiler.

Resmi Waşingtonyň Hytaýyň 200 milliard dollarlyk önümine goýan salgydyň mukdaryny 1-nji ýanwardan başlap 10 göterimden 25 göterime çenli ýokarlatmak baradaky karary goý bolsun etmegi üpjün etjek ylalaşyk, taraplaryň biri-birlerine täze gümrük salgytlaryny goýmagyň hem öňüne geçdi.



Degişli Habarlar