DAIŞ-iň Yrakda guran hüjümde 2 polis gullukçysy ýogaldy

DAIŞ-iň 1 ýyl ozal umuman alnanda täsirsiz ýagdaýa getirlendigine garamazdan, terror guramasy wagtal-wagtal terrorçylykly hüjümler guraýar

1115851
DAIŞ-iň Yrakda guran hüjümde 2 polis gullukçysy ýogaldy

Terror guramasy DAIŞ-iň Yragyň gündogarynda ýerleşýän Diýala welaýatynda howpsyzlyk merkezine guran hüjümde 2 polis gullukçysy ýogaldy

Yrakdaky ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, DAIŞ-e agza terrorçylar düýn ýary gije Diýalanyň Hanekin etrabynyň Jelawla etrapçasyndaky howpsyzlyk merkezine hüjüm gurady.

Terrorçylaryň hüjüminden soň howpsyzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda 2 polis gullukçysynyň ýogalandygy, 3 ulagyň oda berlendigi nygtaldy

Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň 1 ýyl ozal umuman alnanda täsirsiz ýagdaýa getirlendigine garamazdan, terror guramasy wagtal-wagtal terrorçylykly hüjümler guraýar

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar