Owganystanyň Gazna welaýatynda bomba ýüklenen ulag partlady

Wakada Talibana agza 5 terrorçy öldi

1114654
Owganystanyň Gazna welaýatynda bomba ýüklenen ulag partlady

 

Owganystanyň Gazna welaýatynda, Talibanly başbozarlaryň hüjüm guramak üçin taýarlan bomba ýüklenen ulagyň partlamagy netijesinde guramanyň 5 agzasy öldi.

Gazna welaýatynyň Içeri işler edarasyndan berilen beýanatda, welaýatyň Deh Ýak etrabynda, hüjüm guramak üçin taýarlanan bomba ýüklenen ulagyň partlandygy, wakada 5 terrorçynyň ölendigi mälim edildi.

Beýanatda, başbozarlaryň bomba ýüklenen ulagy, Deh Ýak etrabynyň häkimligine garşy hüjüm guramak maksady bilen taýarlandygy bellenip, wakada guramanyň agzalarynyň arasynda ýaralananlarynyň hem bardygy habar berildi.

Taliban tarapyndan waka bilen bagly beýanat berilmedi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #Gazna

Degişli Habarlar