Siriýanyň hökümeti Soçi ylalaşygynyň düzgünlerini 369 gezek bozdy

Siriýanyň hökümeti Soçi ylalaşygynyň gazanylmagyndan soň “İdlibde dartgynlygy azaldyş zolagynyň” çäklerindäki ýaşaýyş ýerlerine 369 hüjüm gurap, asyda ilatdan 45 adamy öldürdi

1112642
Siriýanyň hökümeti Soçi ylalaşygynyň düzgünlerini 369 gezek bozdy

Siriýanyň Adam hukuklary tory Soçi ylalaşygynyň gol çekişilen güni bolan 17-nji sentýabrdan bäri hökümetiň gury ýerden guran hüjümlerinde 6 sanysy zenan, 22 sanysy çaga jemi 45 adamyň pida bolandygyny beýan etdi.

Toryň habarnamasynda düzgün bozmalaryň 145 sanysynyň “İdlib Dartgynlygy azaldyş zolagynyň” çäklerindäki İdlibde, 22 sanysynyň Halapda we 202 sanysynyň Hama şäherinde bolandygy bellenilýär.

Adam hukuklary tory üç şäheriň “İdlib Dartgynlygy azaldyş zolagy” hökmünde yglan edilen güni bolan 2017-nji ýylyň 5-nji maýyndan 2018-nji ýylyň 17-nji maýyna çenli Russiýanyň we hökümetiň gury ýer hem-de howa hüjümlerinde azyndan 856 adamyň pida bolandygyny habar berdi.

Şolardan 313 sanysynyň zenan, 476 sanysynyň çagalardan ybaratdygy bellenilýär.

 



Degişli Habarlar