Tramp "Prezident Erdogan bilen netijeli telefon söhbetdeşligini geçirdim"

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy

1112142
Tramp "Prezident Erdogan bilen netijeli telefon söhbetdeşligini geçirdim"

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Prezident R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Tramp Prezident Erdogan bilen netijeli telefon söhbetdeşligini geçirendigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Twitter arkaly beren beýanatynda Prezident Erdogan bilen  geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş meselesiniň seljerlendigini belledi.

Tramp “Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen netijeli tefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik. Telefon söhbetdeşliginde terror guramasy DAİŞ-e garşy göreş, Siriýa we Amerikan esgerleriniň Siriýadan ýuwaş-ýuwaşdan çekilmegi meselesi gün tertibine getirildi. Siriýalylar birnäçe ýyl soň ýurtlaryna dolanýar” diýdi.

Tramp “Erdogan bilen özara söwda gatnaşyklary barada hem pikir alyşdym” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar