Putin däbe öwrülen ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirdi

Putiniň 2001-nji ýyldan bäri yzgiderli häsýetde geçirýän ýyllyk metbugat ýygnagyna şu ýyl rekord derejede žurnalist gatnaşdy

1111045
Putin däbe öwrülen ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirdi

2001-nji ýylda geçirilen metbugat ýygnagyna 500, geçen ýyldakysyna 1640, şu ýyl bolsa 1702 žurnalist gatnaşdy.

Putin 3 sagat 40 minudyň dowamynda jemi 66 soraga jogap berdi, iň uzak dowam eden metbugat ýygnagy bolsa 4 sagat 40 minut dowam eden metbugat ýygnagyny bolsa 2008-nji ýylda geçiripdi.

Şeýlelikde Russiýanyň lideri 2001-2018-nji ýyllaryň aralygynda geçirilen metbugat ýygnaklarynda jemi 45 sagadyň dowamynda 859 soraga jogap berdi.

Metbugat ýygnagynda moderatorlyk eden Kremliň Metbugat Sekretary Dimitriý Peskow ýygnagyň “dolulygyna taýarlanylan” çäre bolmandygyny öňe süren hem bolsa, Kremliň Metbugat merkezi Putine sorag soramak isleýän žurnalistleriň sroaglaryny ýygnakdan ozal görmegi talap etdi.

Köp sanly daşary ýurtly žurnalistiň gatnaşan ýygnagynda ilki bilen ýerli žurnalistlere söz berildi.

Russiýada ýylyň dowamynda iň köp beýan tapan çärelerden biri bolan ýygnak “Rossiýa 1”, “Rossiýa 24”  we” NTW” ýaly esasy ýaýlymlaryň ählisinden göni alynyp görkezildi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysyna berilen soraglaryň gerimi iňňän giň boldy. Siriýa meselesinden digital ykdysadyýete, nebit bazarlaryndan Çeçenistandaky dzýudo zalyna çenli onlarça soraga Putin tarapyndan jogap berildi.



Degişli Habarlar