Talibanly başbozarlar Owganystanda ýene-de bir hüjüm guradylar

Soňky hüjümde bolsa 3 esger ýogaldy

1110388
Talibanly başbozarlar Owganystanda ýene-de bir hüjüm guradylar

Owganystanda Talibana agza terrorçylaryň harby birikmä guran hüjüminde 3 esger ýogaldy.

Ýurdyň Zabul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Gul Yslam Siýal, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Argandab etrabynyň Derwaze diýilen ýerinde ýerleşýän harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümiň netijesinde 3 esgeriň ýogalandygyny aýdan Siýal, 2 esgeriň hem ýaralanandygyny aýan etdi.

Siýal hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 8 terrorçynyň öldürilendigini, 12-siniň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde 14 esgeriň ölendigi öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #Zabul

Degişli Habarlar