Hytaýda we Taýwanda ýer titremeleri boldy

Hytaýyň Syçuan welaýatynda 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1107725
Hytaýda we Taýwanda ýer titremeleri boldy

 

Hytaýyň Ýer titreme tory merkezi, ýurdyň Syçuan welaýatyndaky Ýibine diýilen ýeriň Singwyn etrabynda 5,7 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny habar berdi.

Ýeriň 12 km aşagynda emele gelen ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup bolmandygy barada bolsa beýanat berilmedi.

Syçuan welaýatynyň Jiujaýgou diýilen ýerinde geçen ýyl bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremede 20 adam ýogalypdy, 493 adam ýaralanypdy.

Beýleki tarapdan Taýwanyň Merkezi meteorologiýa býurosy bolsa adanyň gündogaryndaky Hualien şäheriniň takmynan 40 km alysynda deňizde 5,6 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny habar berdi.

Ýeriň 30,3 km aşagynda emele gelen ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada beýanat berilmedi. Ýer titreme Täze Taýpeý şäheri bilen adanyň Taitung, Ýilan, Nantou, Taiçung, Ýunlin, Çangua Hsinçu etraplarynda hem duýuldy.



Degişli Habarlar