Strasburg hüjümü hökümet tarapyndan meýilleşdirildimi?!

Fransiýada “sary ýeňsizliler” öňňin agşam Strasburg şäherinde guralan hüjümiň, şenbe güni geçiriljek protest ýörişiniň öňüni almak üçin hökümet tarapyndan meýilleşdirlendigini öňe sürdi

1105812
Strasburg hüjümü  hökümet tarapyndan meýilleşdirildimi?!

 

“Sary ýeňsizliler” internet arkaly beren ýüzlenmelerinde Strasburg hüjüminiň “duzakdygyny” öňe sürdi.

Hüjümiň Prezident Emmanuel Makronyň “sary ýeňsizlileriň” protest ýörişleri barada beren beýanatynyň yzy ýanyndan we şenbe güni geçiriljek ýörişden birnäçe gün ozal guralmagynyň ünsleri özüne çekýändigini nygtaýan “sary ýeňsizliler” şol hüjümi şenbe güni geçiriljek protest ýörüşini bökdemek üçin Fransuz hökümetiniň meýilleşdirendigini öňe sürdi.

Içeri işlerinden jogapkär Döwlet ministri Laurent Nunes Frans Inter radiosynda bu meseledäki soraga “Diýseň gaharlandym, eýsem beýle zat bolup bilermi?” diýip jogap berdi.

Strasburg şäheriniň esasy meýdanlaryndan birinde gurlan “Täze ýyl” bazarynyň golaýynda öňňin agsam guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogalypdy, 6-sy agyr 12 adam hem ýaralanypdy

 



Degişli Habarlar