Tramp Mirasdüşer Şazada Salmany goldaýandygyny beýan etdi

“Ol Saud Arabystanynyň lideri. Saud Arabystany iňňän gowy hyzmatdaş”

1105280
Tramp Mirasdüşer Şazada Salmany goldaýandygyny beýan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň Jemal Kaşykçy baradaky habarnamasyna we Senatyň garşylyklaryna garamazdan Mirasdüşer Şazada Muhammed Bin Salmany goldaýandygyny aýtdy

Tramp Owal ofisde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Reýteriň habarçysynyň; “Jemal Kaşykçy jenaýatynda Mirasdüşer Şazadanyň eliniň bolup bolmandygy” baradaky soragyna jogap bermedik Tramp; “Ol Saud Arabystanynyň lideri. Saud Arabystany iňňän gowy hyzmatdaş” diýdi.

Donald Tramp “Saud Arabystanyny goldamak Mirasdüşer Şazadany goldamamy” diýlen soraga bolsa; “Hawa, häzirki wagtda hut şeýle” diýip jogap berdi.

Tramp şeýlede Mirasdüşer Şazada Salmanyň ynam bilen “Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny” aýdandygyny ýatlatdy.

Reýteriň habarçysy Trampa Saud Arabystanynyň Şa maşgalasynyň käbir agzalarynyň Mirasdüşer Şazada Salmanyň şalyk tagtyna oturmagynyň öňüni almak isleýändigini, emma Salmanyň şalyk wezipesini kesgitlejek ýeriň ABŞ we Tramp boljakdygyny pikir edýändigini aýtdy.

Tramp bolsa oňa; “Beýle zat eşitmedim. Bu barada analiz bermen, çünki beýle zady hiç eşitmedim. Men Salmanyň häkimiýetiniň güýçlidigini eşitdim” diýip jogap berdi.

Tramp Saud Arabystany bilen ýakyn gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýan hem bolsa, demokratlar we Trampyň partiýasyndan köp sanly Kongresmen Kaçykçynyň öldürilmeginde Mirasdüşer Şazadany günäkärleýär.

Syýasatçylar Kongresde ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň Ýemende alyp barýan urşuna berýän goldawyny bes etmegi, Saud Arabystanyna sanksiýalaryň goýulmagy we ýarag satuwynyň bes edilmegi üçin kanun taýarlaýarlar.



Degişli Habarlar