Hindistanyň Jammu we Kaşmir sebitinde ýene-de çaknyşyk boldy

Soňky çaknyşykda 3 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy

1103390
Hindistanyň Jammu we Kaşmir sebitinde ýene-de çaknyşyk boldy

 

 

Hindistanyň Jammu we Kaşmir sebitinde Hindistanyň howpsyzlyk güýçleri bilen garaşsyzlygyň tarapdary bolan aýralykçy toparlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 3 aýralykçy öldi, 1 hindi esger ýaralandy.

Şenbe güni gelen maglumat esasynda etrapça operasiýa guran howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk ýüze çykdy. Çaknyşyk 18 sagat dowam etdi.

Şaýatlar howpsyzlyk güýçleriniň çaknyşykda etrapçadaky 5 öýi partlaýjylar bilen ýok edendigini habar berdiler.

Çaknyşyk sebäpli protestler geçirildi. Polisiýa işgärleri daş zyňýan demonstrantlara garşy plastik ok we gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.


Etiketkalar: #Hindistan , #aýralykçy

Degişli Habarlar