Makron ýurdundaky protest ýörişleri sebäpli Serbiýa gurajak saparyny yza süýşürdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron dekabr aýynyň 5-6-y aralygynda Serbiýa gurajak saparyny ýurdundaky protest ýörişleri sebäpli yza süýşürdi

1100020
Makron ýurdundaky protest ýörişleri sebäpli Serbiýa gurajak saparyny yza süýşürdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wujij, metbugata beren beýanatynda, fransuz kärdeşi Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtady we Fransiýada geçirilýän protest ýörişleri sebäpli Makronyň saparyny yza süýşürendigini aýtdy.

Wujij “Gynansakda ýurdundaky içerki meseleler sebäpli Prezident Makron ýurdumyza gurajak saparyny birnäçe he-de yza süýşürilmegimizi haýyşt etdi” diýdi.

Fransiýada “sary ýeňsizliler” ady bilen bir ýere jemlenşen demonstrantlar 17-nji noýabrdan bäri hökümetiň ýangyjyň bahalaryny ýokarlandyrmagyna garşy ýöriş geçirýär.

 



Degişli Habarlar