ÝB Komissiýasynyň başlygy protest ýörişleri sebäpli Fransiýa gurajak saparyny yza süýşürdi

ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan Klod Ýunker “sary ýeňsizlileriň” protest ýörişleri sebäpli şu gün Fransiýanyň paýtagty Pariže gurajak saparyny goý bolsun etdi

1099878
ÝB Komissiýasynyň başlygy protest ýörişleri sebäpli Fransiýa gurajak saparyny yza süýşürdi

ÝB Komissiýasy tarapyndan berlen maglumata görä, Ýunkeriň ertir Fransiýanyň Milli mejlisinde çykyş etmegine garaşylýardy emma Mejlisdäki “sary ýeňsizlileriň” oturluşygy sebäpli ady agzalýan sapar goý bolsun edildi.

Fransiýanyň Milli mejlisinde çykyş etmegine, Prezident Emmanuel Makron bilen agşam naharynda duşuşmagyna we Milli mejlisiň başlygy Ferrand bilen duşuşmagyna garaşylýan Ýunkeriň ady agzalýan duşuşyklaryny yza süýşürendigi bellenildi.

Ýurtda “sary ýeňsizliler” ady bilen bir ýere jemlenşen demonstrantlar 17-nji noýabrdan bäri hökümetiň ýangyjyň bahalaryny ýokarlandyrmagyna garşy ýöriş geçirýär.

 



Degişli Habarlar