Meksikada guralan iki aýry hüjümde 7 adam ýogaldy

Naýarit ştatynda 1 žurnalistiň öli ýagdaýda tapylandygy habar berildi

1100272
Meksikada guralan iki aýry hüjümde 7 adam ýogaldy

 

Halisko ştatynyň prokuraturasy tarapyndan berilen beýanatda, La Huerta şäherçesinde howpsyzlyk güýçlerini nyşana alan hüjümde, 3 aýry ulagdan od açylmagy netijesinde 6 polisiň ýogalandygy, 1 polisiň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Polisiýa işgärleriniň garşylyk görkezmegi netijesinde hüjümçileriň biriniň ýaralanandygy we tussag edilendigi aýdylýan beýanatda, beýleki hüjümçileriň gaçandygy beýan edildi.

Hüjümiň jogapkäriniň kimlerdigi entek anyklanmasada, wakanyň arkasynda, ştatda aksiýalar guraýan “Halisko Täze nesil” neşe söwdasyny edýän toparyň bardygy çak edilýär.

Gurama ozal hem 2015-nji ýylda Meksikanyň goşunyna degişli bir dikuçara raketa bilen hüjüm gurap, ony ýere gaçyrypdy.

Beýleki tarapdan resmiler ýurdyň Naýarit ştatynda 1 žurnalistiň öli ýagdaýda tapylandygyny habar berdiler.


Etiketkalar: #Meksika , #hüjüm , #žurnalist

Degişli Habarlar