Tramp Pakistandan goldaw sorady

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň özüne hat ýazyp, Owganystanda çözgüt üçin resmi Yslamabatdan goldaw sorandygyny aýtdy

1099480
Tramp Pakistandan goldaw sorady

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Premýer ministr Han pakistanly žurnalistler bilen bolan duşuşygynda şu gün Trampyň hatynyň özüne gelip gowşandygyny aýtdy.

Imran Han Trampyň hatynda Owganystanda 17 ýyldan bäri dowam edýän durnuksyzlygyň çözülmegi üçin Pakistandan goldaw sorandygyny aýtdy.

Pakistanyň Hasabat ministri Fawad Çaudri hem ady agzalýan hat barada beren beýanatynda “Tramp Pakistandan Talibanyň gepleşik stoluna oturmagy üçin hyzmatdaşlyk edilmegini isledi” diýdi.


Etiketkalar: #Pakistan , #Imran Han , #Tramp

Degişli Habarlar