Donald Tramp bilen Wladimir Putin resmi däl ýagdaýda duşuşdylar

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Argentinadaky G20 Liderler maslahatynda agşam naharynda resmi däl ýagdaýda duşuşdylar

1098808
Donald Tramp bilen Wladimir Putin resmi däl ýagdaýda duşuşdylar

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sandersiň, Tramp-Putin duşuşygy bilen bagly beren ýazmaça beýanatynda: “Şuňa meňzeş köpugurly çärelerde bolşy ýaly Prezident Tramp we aýaly, anna günündäki agşam naharynda Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bilen birlikde dünýäniň ençeme lideri bilen resmi däl ýagdaýda duşuşdy” diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow beren baýantynda: “Putin we Tramp, G20-niň çäginde gysga duşuşyk geçirdi” diýip mälim etdi.

ABŞ-niň Prezidenti Tramp, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli Putin bilen Argentinada geçirilmegi meýilleşdirilen ikiçäk resmi duýşuşykdan ýüz öwüripdi.



Degişli Habarlar