"Saud Arabystany Kaşykçy jenaýaty meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli"

Britaniýa Saud Arabystanyna žurnalist Kaşykçy jenaýaty meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi barada çagyryş berdi

1098400
"Saud Arabystany Kaşykçy jenaýaty meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli"

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmana öldürlen žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi barada çagyryş berdi.

Britaniýa tarapyndan mesele hakynda berlen beýanatda Teresa Meýiň düýn Argentinada G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýanatda “Premýer ministr Jemal Kaşykçyny öldürenleriň jezalandyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we Saud Arabystanyndan şeýle gynandyryjy wakanyň indi gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegini isledi” diýildi.

Beýanatda Meýiň Britaniýanyň Daşary işler ministri Huntuň 12-nji noýabrda Saud Arabystanyna guran saparyndan soň, saudy hökümetiniň Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşykly edýän tagallasyna ünsi çekendigi nygtalyp, “Premýer ministr Meý, Mirasdar Şazada Bin Salmany türk ýolbaşçylar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi we iki ýurtda gozgalan kazyýet işinden anyk netije alynmagy üçin höweslendirdi” diýildi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar