Peskow: “Putin bilen Trampyň duşuşygynyň bes edilmegine garaşylmaýar”

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň bes edilmegine garaşmaýandyklaryny aýtdy

1096585
Peskow: “Putin bilen Trampyň duşuşygynyň bes edilmegine garaşylmaýar”

Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Trampyň Kerç bogazynda başdan geçirilen dartgynlyk sebäpli G20-niň Argentinadaky maslahatynda Putin bilen geçirjek duşuşygyny bes edip biljekdigi baradaky beýanatyny analiz etdi.

Trampyň Kerç bogazynda başdan geçirilen dartgynlygy “çozuş” hökmünde häsýetlendirendigini ýatladan Peskow: “Şol beýanaty bellik etdik, emma dolulygyna nämäni çozuş hökmünde häsýetlendirendigi möhüm. Rus serhet güýçleriniň işleri barada aýdýan bolsa, oňa goşulamyzok” diýdi.

G20-niň Buenos Aýresde geçirilen maslahatynda Putin bilen Trampyň arasynda meýilleşdirilýän duşuşyk barada maglumat beren Peskow: “Liderleriň duşuşygyna taýarlyklar dowam edýär. bu meselede Waşingtondan başga maglumat gelip gowuşmady” diýdi.



Degişli Habarlar