Iňňeli ýertudana krizisi indi bolsa Täze Zelandiýa ýaýrady
Täze Zelandiýada bir adam, supermarketden alan ýertudanasynyň içinde iňňe tapdy
1095724
![Iňňeli ýertudana krizisi indi bolsa Täze Zelandiýa ýaýrady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/d0ea/472c/3148/5bfcf45bab4a5.jpg?time=1719195138)
New Zealand Herald tarapyndan berilen habara görä, Günorta adadaky Geraldin şäheriniň ýaşaýjysy, supermarketleriň birinde alan ýertudanasyndan iňňe çykandygyny, emma özüne zeper ýetmändigini mälim etdi.
Täze Zelandiýanyň Oba-hojalyk ministrligi Polisiýa gullugynyň waka bilen baglanşykly derňew işini başladandygyny habar berdi.
Ozal bolsa Awstraliýada, ýerli öndürijileriň ýertudanasyna iňňe ýerleşdirmek bilen günäkärlenen 50 ýaşyndaky zenanyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edilipdi.
Iňňeler mundan başgada bananlarada we almalarda hem tapylypdy.