Eýranyň dini lideri ýurdyň goşunyna goranyş kuwwadyny artdyrmak barada buýruk berdi

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, hiç bir ýurda garşy söweş yglan etmek ýaly niýetleriniň ýokdugyny, emma goşunyň goranyş kuwwadyny artdyrjakdyklaryny mälim etdi

1096856
Eýranyň dini lideri ýurdyň goşunyna goranyş kuwwadyny artdyrmak barada buýruk berdi

Eýranyň dini lideriniň ofisi tarapyndan berilen beýanata görä, Aýetullah Ali Hamaneý paýtagt Tähranda Eýranyň Deňiz güýçleriniň serkerdeleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Milli Flot güni mynasybetli serkerdelere ýüzlenen Hamaneý, ýurdyň goşunyna goranyş kuwwadyny artdyrmak barada buýruk berdi. 

Hamaneý: "Eýran hiç kim bilen söweşmek niýeti ýok, emma goranyş kuwwadymyzy we taýýarlyklarymyzy şeýle bir görüň welin, duşman bu beýik milleta howp abandyrmaga gaýrat tapmasyn" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar