Daniýa Saud Arabystanyna ýarag satmagy bes etdi

“Saud Arabystany Ýemendäki adamzat krizisinde we Kaşykçy jenaýatynda oňaýsyz rol oýnaýar"

1093207
Daniýa Saud Arabystanyna ýarag satmagy bes etdi

 

Daniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Ýemendäki içerki uruşda adamzat pajygasynyň başdan geçirilmegi we saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli Saud Arabystanyna ýarag eksportynyň bes edilendigi nygtaldy.

Beýanatda “Saud Arabystany Ýemendäki adamzat krizisinde we Kaşykçy jenaýatynda oňaýsyz rol oýnaýar. Ýewropadan şol ýurda açyk aýdyň ýagdaýda duýduryş bermegiň wagty geldi” diýildi.

Daniýanyň Daşary işler Anders Samuelson hem ÝB-ne agza ýurtlaryň Saud Arabystanyna ýarag satmagyny bes etmeklerine garaşýandygyny aýdypdy.

2-nji oktýabrda resmi işleri üçin Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygyna giden Saudy žurnalist Jemal Kaşykçy konsullykda wagşylarça öldürlipdi.

 

 



Degişli Habarlar