ABŞ Ysraýylyň Golan depelerini basylyp almagyny ýazgarýan karara ilkinji gezek “garşy” ses berdi

Karar 150 ýurduň “kabul” sesini bermegi bilen kabul edildi

1089627
ABŞ Ysraýylyň Golan depelerini basylyp almagyny ýazgarýan karara ilkinji gezek “garşy” ses berdi

ABŞ Ysraýylyň Golan depelerini basylyp almagyny ýazgarýan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň karary üçin geçirlen sese goýulşykda ilkinji gezek “garşy” ses berdi.

Ysraýylyň Golan depelerini basyp almagyny ýazgarýan “Basyp alyşlyk astyndaky Golan” karar taslamasy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 3-nji komitetinde sese goýuldy.

Karar 150 ýurduň “kabul” sesini bermegi bilen kabul edildi.

2 ýurt karara “garşy” ses berdi, 14 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

ABŞ ozalky Golan sese goýulşyklarynda ses bermekden saklanýardy emma bu gezek garşy çykdy we Ysraýyl bilen birlikde karara “garşy” ses berdi.

Ysraýylyň Golan depelerini basyp almagyny ýazgarýan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kararynda, Ysraýylyň Golandaky ähli aksiýalarynyň halkara hukugyna bap gelmeýändigi nygtalýar

 

 

 



Degişli Habarlar