Gruziýada Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçiriler

Gruziýada Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry 28-nji noýabrda geçiriler

1088240
Gruziýada Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçiriler

Merkezi Saýlaw komissiýasyndan berilen beýanata görä, saýlawda dalaşgärler Salome Zurabişwili we Grigol Waşadze özara bäsleşer.

Gruziýada 28-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawynyň ilkinji tapgyrynda hiç bir dalaşgär 50 göterimden ýokary ses alyp bilmedi.

Hökümet tarapyndan goldanýan garaşsyz dalaşgär Salome Zurabişwili sesleriň 38,64 göterimini alan bolsa, oppozisioner şäriklikden dalaşgär bolan Grigol Waşadze sesleriň 37,74 göterimini alypdy.


Etiketkalar: #Gruziýa , #saýlaw

Degişli Habarlar