Ortaýer deňzi 2 müňden gowrak bosguna gubyr boldy

Şu ýyl Ortaýer deňzinde 2 müňden gowrak bosgun ýogaldy

1086381
Ortaýer deňzi 2 müňden gowrak bosguna gubyr boldy

 

BMG-nyň Bosgunlar Ýokary komisarlygy tarapyndan berlen maglumata görä, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Ortaýer deňzinde 2 müňden gowrak bosgun Ýewropa ýolunda ýogaldy.

Ady agzalýan bosgunlaryň ýarysyndan gowragynyň Italiýa ýolunda ýogalandygy nygtaldy.

Ýewropa barmagy başaran bosgunlaryň sany bolsa soňky iki ýyl bilen deňeşdirilende aşaklady.

Ýewropa baran bosgunlaryň sany 2018-nji ýylyň başyndan bäri häzire çenli 105 müňe ýetdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar