Yrakda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Yragyň Mosul şäherinde terror guramasy DAIŞ-iň ýerlerine garşy guralan operasiýada 14 terrorçy öldürildi

1085644
Yrakda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Yragyň Umumy operasiýalar serkerdeliginiň metbugat geňeşçisi Ýahýa Resul, ABŞ-niň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerine degişli harby uçarlaryň, Mosulyň günbatarynda ýerleşýän Adşana dagyndaky terror guramasy DAIŞ-iň ýerlerine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Resul nyşana alynan ýerleriň ýaşaýjylarynyň aglabasy türkmenler bolan ýurdyň Telafer etrabyna ýakyndygyny belläp, hüjümde 14 terrorçynyň öldürilendigini mälim etdi.

Hüjümden soň Yragyň harby toparlarynyň terrorçylaryň şol ýerlerine girendigini aýdan Resul, 3 bazanyň dolulygyna ýok edilendigini beýan etdi.


Etiketkalar: #Yrak , #DAIŞ , #hüjüm

Degişli Habarlar