Hytaý bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine ýuan ulanylar

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 15 milliard dollara ýetdi

1081980
Hytaý bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine ýuan ulanylar

Pakistanyň Maglumatlar ministri Fawad Çaudri Hytaý bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda dollaryň ýerine ýuanyň ulanyljakdygyny aýtdy.

Çaudri Pakistanyň Premýer ministri Imran Hanyň Hytaýa guran sapary barada metbugata beýanat berdi.

Premýer ministri Imran Hanyň Saud Arabystanyna we Hytaýa guran saparlarynyň netijeli geçendigini aýdan Çaudri, Hytaýyň Pakistana ykdysady we syýasy taýdan goldaw berýändigini nygtady.

Çaudri “Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 15 milliard dollara ýetdi. Mundan soň özara söwda gatnaşyklarymyzda dollaryň ýerine ýuan ulanylar” diýdi.

Çaudri Hytaýyň syýasy sebäplerden däl, halklaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar sebäpli dost ýurtdygyny belledi.



Degişli Habarlar