Siriýa gaýdyp baran 20 bosgun hökümete bagly güýçler tarapyndan öldürildi

Liwanyň Bosgun işlerinden jogapkär döwlet ministri Muin El-Merabi, Siriýa gaýdyp baran 20 bosgunyň hökümete bagly güýçler tarapyndan öldürilendigini habar berdi

1081274
Siriýa gaýdyp baran 20 bosgun hökümete bagly güýçler tarapyndan öldürildi

"The Daily Star Liwan" gazedinde berilen habarlara görä, ministr Merabi, Liwandan Siriýa gaýdyp baran bosgunlar bilen bagly beren beýanatynda: "Siriýa gaýdyp baran 20 bosgun Asada bagly güýçler tarapyndan öldürildi" diýip mälim etdi. 

Merabi şu ýyl iýul aýyndan bäri 55 müň siriýalynyň ýurtlaryna gaýdyp barandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Liwan , #Siriýa , #bosgun

Degişli Habarlar