“Meksika serhedine 10-15 müň esger ornaşdyraryn”

Tramp Ak Tamda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1079263
“Meksika serhedine 10-15 müň esger ornaşdyraryn”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Latyn Amerika ýurtlaryndan gelýän bosgun kerwenleriniň öňüni almak üçin Meksika serhedine 10-15 müň esger ugratjakdygyny aýtdy.

Tramp Ak Tamda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Latyn Amerika ýurtlaryndan ABŞ-na tarap ýola çykan bosgun kerwenleriniň ýurda girmegine rugsat bermejekdiklerini aýdan Tramp “ Serhede goşmaça 10-15 müň esger ugradarys. Ýekeje adam hem serhetden içeri girip bilmez. Şol adamlaryň ýurda girmegine rugsat bermeris” diýdi.

Tramp ady agzalýan bosgun kerwenleriniň ýola rowana bolmagyna rugsat beren Latyn Amerika ýurtlaryna hem ABŞ tarapyndan berilýän kömekleri bes etmek bilen hemle atdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Merkezi Amerikadan ABŞ-na tarap ýola rowana bolan bosgun kerwenleriniň öňüni almak üçin Meksika serhedinde 5200 esgeriň ornaşdyryljakdygyny mälim edipdi.

 

 


Etiketkalar: #serhet , #esger , #ornaşdyrmak , #Ak Tam

Degişli Habarlar