Russiýa: “İdlib ylalaşygynyň bozulmagy üçin howp abanmaýar”

Russiýa 17-nji sentýabrda Türkiýe bilen İdlib welaýatynyň ýaragsyzlandyrylmagy üçin gazanylan ylalaşygyň bozulmagy üçin haýsydyr bir howpyň abanmaýandygyny beýan edi

1078231
Russiýa: “İdlib ylalaşygynyň bozulmagy üçin howp abanmaýar”

Kremliň Metbugat sekretary Dmitri Peskow žurnalistlerin Soçide gazanylan İdlib ylalaşygynyň bozulmagy üçin haýsydyr bir howpyň bolup bolmandygy baradaky soraga jogap berdi.

Peskow: “Ýoki häzirlikçe howp göremizok” diýdi.

Türkiýäniň Soçide gazanylan ylalaşygy berjaý etmek üçin ýokary tagalla edýändigini rus tarapynyň görýändigini nygtan Peskow, taýarlyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Peskow resmi Moskwanyň Stambulda geçirilen Siriýa temaly maslahaty barada Damaska maglumat berjekdigini hem nygtady.

27-nji oktýabrda Prezident R.T.Erdoganyň ýer eýeçiliginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makronyň we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň gatnaşmagnda Stambulda Siriýa temaly maslahat geçirilipdi.

Maslahatyň ahyrynda çap edilen bilelikdäki jarnamada Siriýada dowam edýän dartgynlyň harby ýollardan däl, BMG-niň 2254 belgili kararyna laýyklykda geňeşilen syýasy mehanizm arkaly çözülip bilinjekdigi nygtalypdy.



Degişli Habarlar