Indoneziýada 189 adamlyk ýolagçy uçary heläkçilige uçrady

Uçaryň deňize gaçandygy habar berildi

1077348
Indoneziýada 189 adamlyk ýolagçy uçary heläkçilige uçrady

Indoneziýanyň Sumatra adasynda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady.

189 adamlyk uçardan halas bolanyň bolup bolmandygy heniz bilinmeýär.

Indoneziýanyň paýtagty Jakartadan Sumatra adasyndaky Pangkal Pinang şäherine gitmek üçin uçan Boeing 737 kysymly uçar bilen uçandan 13 minut soň aragatnaşyk kesildi.

Uçaryň yzyna dolanmak üçin rugsat sorandygy emma jogabyny almadan aragatnaşygyň kesilendigi habar berildi.

Uçaryň deňize gaçandygy habar berildi.

3-i çaga 181 ýolagçysy we 8 ekipažy bolan uçardan halas bolanyň bolup bolmandygy bilinmeýär.

Uçaryň degişli bolan howa ýoly firmasy howpsyzlyk sebäpli 2007-nji ýylda ÝB tarapyndan gara sanawa alnypdy.

Şol gadagançylyk 2016-njy ýylyň iýun aýynda bes edilipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar