Hytaý: “Kaşykçynyň öldürilmegi täleýsizlik”

Hytaý arabystanly žurnalist Cemal Kaşykçynyň öldürilmegini “täleýsizlik” hökmünde häsýetlendirdi

1075682
Hytaý: “Kaşykçynyň öldürilmegi täleýsizlik”

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunýing Pekinde geçiren metbugat ýygnagynda Kaşykçynyň öldürilmegi warada Saud Arabystanynyň berýän beýanatlary we derňew tapgyry hem-de Türkiýäniň, degişli taraplaryň beýannamalary bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Kaşykçynyň öldürilmegine “Bu waka täleýsizlik” diýen Hua, wakanyň usulyna laýyklykda selcerilmegine garaşýandyklaryny nygtady.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi ozal Kaşykçynyň öldürilmegi meselesine dymmak bilen çemeleşip, mesele baradaky soraglara cogap bermändi.

Prezident Erdogan hem “Eldäki deliller Kaşykçynyň meýilleşdirilen cenaýatda gurban bolandygyny görkezýär” diýipdi.



Degişli Habarlar