G7-ä agza ýurtlar Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly umumy beýannama çap etdiler

Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sişenbe güni resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň dereksiz ýitipdi

1074497
G7-ä agza ýurtlar Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly umumy beýannama çap etdiler

 

Dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan 7 ýurtdan ybarat G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, Saud Arabystanyna, žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen baglanşykly Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk içinde giňişleýin, ynandyryjy, açyk we tiz derňew geçirilmegi barada çagyryş berdi.

G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly umumy beýannama çap etdiler.

Beýanatda: “Saud Arabystanynynyň, Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk içinde giňişleýin, ynandyryjy, açyk we tiz derňew geçirmegini we Kaşykçynyň öldürilmegi bilen netijelenen ýagdaýlar bilen bagly doly we dogry bir hasap bermegine garaşýandygymyzy ýene-de bir gezek gaýtalaýarys” diýip bellendi.

“Saud Arabystany tarapyndan tassyklanan, Jemal Kaşykçynyň Stambuldaky baş konsullygynda öldürilmegini iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Kaşykçynyň öldürilendiginiň tassyklanmagy doly açyklyga we hasap bermeklige tarap ilkinji ädimdir. Emma entek jogap berilmedik ençeme sorag bar” diýdi.

“Jenaýatyň jogapkärlerinden hasap soralmalydyr” diýip bellenen beýanatda: “Saud Arabystany bular ýaly wakanyň asla gaýtalanmazlygy üçin gerek bolan çäreleri görmelidir” diýip nygtaldy.

Beýanatda G7-ä agza ýurtlary emele getirýän Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň we ABŞ-nyň Daşary işler ministrleri bilen birlikde ÝB-niň Ýokary wekiliniň hem goly bar.

Washington Post gazediniň işgäri saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sişenbe güni resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň dereksiz ýitipdi.

Saud Arabystanynyň hökümeti 20-nji oktýabrda Kaşykçynyň konsullyk binasynda başdan geçirilen gowganyň netijesinde ölendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar