ÝB Liderler maslahaty öz işini tamamlady

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB-e agza 27 ýurdyň Britaniýanyň Bileleşigiň düzüminden çykmak baradaky gepleşiklerine oňyn ýagdaýda dowam etdirilmegine karar berendiklerini habar berdi

1071780
ÝB Liderler maslahaty öz işini tamamlady

Donald Tusk, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde iki gün dowam eden ÝB Liderler maslahatyndan soň, ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Britaniýa we ÝB-niň arasyndaky gepleşiklerde çözgüde we ylalaşyga has ýakyndyklaryny aýdan Tusk: “Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meýiň Breksit gepleşikleriniň soňky ýagdaýy baradaky çykyşyny diňlänimizden soň, ÝB-e agza 27 ýurt hökmünde gepleşiklere oňyn ýagdaýda dowam etdirilmegine karara berdik” diýip mälim etdi.

Tusk, ÝB Komissiýasynyň Breksit gepleşikleriniň esasy ýolbaşçysy Mişel Barnieriň gepleşiklerde ýeterlik derejede öňe gidişlik edilendigini aýdan halatynda täze bir gepleşik geçirmäge taýýardyklaryna ünsleri çekip: “Emma häzirki wagtda Breksit gepleşiklerinde ýeterlik derejede öňe gidişlik etmedik” diýip belledi.

Maslahatda Britaniýa agzalykdan aýrylanyndan soň dörediljek geçiş etabynyň uzaldylmagy bilen bagly ýeňilligi maslahatlaşmandyklaryny bellän Tusk, Londondan bular ýaly talap bildirilen halatynda liderleriň talaba oňyn jogap berip biljekdigini habar berdi.

Tusk, liderleriň bikanun göçi duruzmak babatynda bolsa tutanýerlidiklerini, şol çäkde esasan hem Günbatar Ortaýer deňizine üns beriljekdigini we Marokko bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak babatynda karar kabul edendiklerini mälim etdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bolsa: “Italiýanyň býujeti beýleki ýurtlar bilen deň derejede garalar. Bu ýerde Italiýanyň hökümetinden goşmaça maglumat isläp biljegimizi 5-6 mesele bar” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar