Peskow: "Türkiýe Garaşsyzlygyny goraýan döwletleriň hatarynda"

Russiýa hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Türkiýäniň sebitleýin bir güýçdigini nygtady

1072145
Peskow: "Türkiýe Garaşsyzlygyny goraýan döwletleriň hatarynda"

Russiýanyň Perwyý Kanal telewideniýesine interwýu beren Peskow, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Dmitriý Peskow: "Esasan hem Siriýanyň çözgüdine giden ýolda Türkiýe biz üçin möhüm bir hyzmatdaş. Russiýa, Türkiýe we Eýranyň arasynda döredilen formatda hem täsirini subut etdi we bu formatda işleşmegimizi dowam etdireris" diýip belledi. 

Peskow, Türkiýäniň diňe Russiýa üçin däl, eýsem ABŞ üçin hem möhüm bir hyzmatdaşdygyna ünsleri çekip: "Türkiýe, Prezident rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda garaşsyzlygyny goraýan döwletleriň hataryna goşuldy. Şol sebäpli ABŞ, Türkiýe bilen dowamly ýagdaýda gatnaşyk saklamak isleýär" diýip nygtady. 

Syýasat, söwda we ykdysadyýet ýaly halkara meselelerde, Türkiýäniň garaşsyzlygyny goraýandygyny görkezýän köp sanda ädim edendigini aýdan Peskow: "Şol çäkde Prezident Erdogan bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin meňzeş pozisiýadadyr" diýdi. 

 



Degişli Habarlar