Tramp Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi bilen bagly ses we wideo ýazgylarynyň berilmegini isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýeden arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi bilen bagly ses we wide ýazgylarynyň berilmegini isländiklerini aýtdy

1070896
Tramp Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi bilen bagly ses we wideo ýazgylarynyň berilmegini isleýär

Donald Tramp Ak Tamda metbugat işgärleriniň Kaşykçy baradaky soraglaryna jogap berdi.

Tramp; “Türk hökümeti ses we wideo ýazgylarynyň bardygyny beýan edýär. Siz nähili garaýaňyz” diýlen soraga; “Eger bar bolsa şol maglumatlary biz soradyk” diýip jogap berdi.

Tramp “Ses we wideo ýazgylary bar bolsa geň galarsyňyzmy” diýlen soraga bolsa; “Ýok. Men bolup bolmandygyny anyk bilemok, emma bardyr öýdýän. Maýk Pompeo Türkiýeden gelenden soň giňişleýin maglumat aljak” diýip jogap berdi.

Tramp Pompeony wakadan 2 hepde geçenden soň Saud Arabystanyna ugradypdy.

Pompeo Riýadda geçiren ýokary derejeli duşuşyklaryndan soň Ankara gelip, Prezident R.T.Erdogan we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşypdy.

 



Degişli Habarlar