Russiýa, Türkiýe bilen gazanylan Soçi ylalaşygyndan hoşal

Russiýa, Türkiýe bilen gazanylan Soçi ylalaşygyndan hoşaldygyny habar berdi

1069827
Russiýa, Türkiýe bilen gazanylan Soçi ylalaşygyndan hoşal

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwada, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Siriýanyň Idlib sebitinde parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bagly Soçi ylalaşygy barada metbugat işgärlerine beýanat berdi.  

Mesele barasynda Russiýanyň goşunyndan maglumat alandyklaryny aýdan Peskow: "Şol maglumatlara görä ylalaşygyň düzgünleri berjaý edilýär. Elbetde käbir kynçylyklaryň ýüze çykmagy tebigy bir zat, emma Russiýanyň goşuny hem türk hyzmatdaşlarymyzyň işlerinden hoşal" diýdi. 

Prezident Erdogan we Rus lider Wladimir Putin, 17-nji sentýabrda Soçide duşuşyk geçirip, Idlib dartgynlyzy azaltmak zolagynda çaknyşyklaryň bolmazlygy barada ylalaşyga gelipdiler. 

 

 



Degişli Habarlar