"Wengriýanyň howpsyzlygynyň Türkiýe bilen göniden arabaglanşygyn bar"

Wengriýanyň Premýer ministri ýurdunyň howpsyzlygynyň Türkiýe bilen göniden arabaglanşygynyň bardygyny aýtdy

1064944
"Wengriýanyň howpsyzlygynyň Türkiýe bilen göniden arabaglanşygyn bar"

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban ýurdunyň howpsyzlygynyň Türkiýe bilen göniden arabaglanşygynyň bardygyny aýtdy.

Orban resmi sapar bilen ýurduna baran Prezident R. T. Erdogan bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda “Wengriýanyň howpsyzlygynyň Türkiýe bilen ýakyndan arabaglanşygy bar.  Türkiýede durnukly hökümetiň bolmagy Wengriýanyň howpsyzlygy taýdan has möhüm. Türkiýe Wengriýa ýaly göç ýollarynyň ugrunda ýerleşýär. Türkiýäniň sebitde howpsyzlygy üpjün edip biljek durnuklylyga eýe bolmagy we bikanun göçü sebitden çetde tutmagy biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Türkiýaniň Ýewropa bilen baglaşan bosgunlar şertnamasynyň ähmiýetine ünsi çeken Orban “ Millionlarça bosguna gapylaryny açandygy üçin Türkiýä sag bolsun aýtmalydyrys. Türkiýäniň Ýewropa bilen baglaşan şertnamasy materigiň howpsyzlygy taýdan diýseň möhüm” diýip belledi.

Orban Türkiýäniň ykdysady taýdan dünýäde güýçli ýurtlardan biridigini nygtady.

 



Degişli Habarlar